Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 13:12 - Mukaddes Kitap

12 Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Гиҗе гечип, гүндиз голайлады. Шоңа гөрә түмлүгиң ишлерини гойболсун эдип, нуруң ярагларыны дакыналың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 13:12
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.


Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.


Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.


hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk – biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.


Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.


Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ