Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шонуң үчин-де, бири-бириңизи сөйүп яшаң, хәзир замананың нәхилидигини билйәнсиңиз. Укудан оянмалы сагадымыз гелип етди, себәби бизиң халас болмалы пурсадымыз Иса Месихе иман эден вагтымыздакыдан хас голайландыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 13:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehimi inip, bizi halas eder» diýdi.


Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi?


Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».


Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.


Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


«Ine, Men tizara bararyn! Her kese eden işlerine görä berjek sylaglarym ýanymdadyr!


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ