Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.
Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.
Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.
Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.
Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.
Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.
Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.
Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,
pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.