Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:6 - Mukaddes Kitap

6 Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Бизе берлен мерхемете гөрә, хер биримизиң дүрли рухы пешгешлеримиз бардыр. Шонуң үчин-де, ким пыгамберлик пешгешини алан болса, гой, өзүне берлен имана гөрә пыгамберлик этсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:6
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“ diýýär.


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň.


Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider.


Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler.


Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.


Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.


Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.


Ozaly bilen şuny bilip goýuň: Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlik sözleri pygamberleriň öz düşünjesinden gelip çykan däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ