Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:19 - Mukaddes Kitap

19 Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эй, эзизлерим, өзүңиз ар алҗак болмаң, муны Худая табшырың. Себәби Реб: «Өч Мениңкидир, җезаландырҗак Мендирин» диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:19
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.


«Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy.


Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.


Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut.


Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.


Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


Paýhasyňa berekella, özüňe berekella. Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň!


Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.


Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ