Biz Ysraýylyň parahat hem wepadar adamlarydyrys. Ysraýyl galalarynyň enesi bolup duran galany näme üçin ýykmak isleýärsiň? Näme üçin Rebbiň beren mirasyny ýok etmek isleýärsiň?»
Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.
Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.