Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Яманлыга яманлык этмәң, терсине, хеммелере ягшылык этмәге ымтылың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:17
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň çuwallaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi.


«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.


«Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.


sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.


Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut.


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Şeýlelikde, ýagşy saýýan zatlaryňyz erbet gürrüňleriň döremegine sebäp bolmasyn.


Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.


Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.


Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.


Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


Şeýlelikde, Rut onuň aýagujunda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi.


Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ