14 Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň.
14 Өзүңизе азар берйәнлере гаргамаң, терсине, олар үчин ягшылык диләң.
Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.
Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.
Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň.
Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.
Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.
Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.
Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.
Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.