Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:13 - Mukaddes Kitap

13 Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Имандакы доганларыңыз мәтәчлик чексе, олара көмек бериң, мыхмансөер болуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:13
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.


Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp, onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar bize gelende, şol ýerde bolup biler».


Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.


Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz,


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.


Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.


Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:


Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok.


Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


eýsem myhmansöýer, ýagşylyk etmäge höwesjeň, parasatly, adalatly, takwa, nebsine buýrup bilýän bolmalydyr.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


Eziz dostum, sen doganlara, hatda özüňiň tanamaýanlaryňa-da sadyklyk bilen hyzmat edýärsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ