Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ыхласыңыз говшамасын, Мукаддес Рухуң берйән хыҗувы билен Реббе хызмат эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:11
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe gurbanlyk bereli“ diýýärsiňiz.


Işýakmaza iş buýurmak, diliňe burç degen, gözüňe tüsse dolan ýalydyr.


Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.


Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.


Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar.


Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?


Rebbiň ýolunda tälim alan bu adam ruhy hyjuw bilen gepleýärdi. Diňe Ýahýanyň çümdüriş taglymatyny alan hem bolsa, Isa bilen bagly taglymaty dogry öwredýärdi.


Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.


Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Ozaly bilen biri-biriňizi jandan söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni örtýändir.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ