Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Бири-бириңизи доганлык сөйгүси билен түйс йүрекден сөйүң. Бири-бириңизи хорматлап, башгалары өзүңизден ёкары тутуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.


Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar.


Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler – gijesine Reb öýünde durýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Efiopiýaly Ebetmelek Ýermeýa: «Indi ýyrtyk eginbaşlar bilen esgileri goltugyňyň aşagyna goý-da, tanapy geçir» diýdi. Ýermeýa-da aýdylyşy ýaly etdi.


Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.


Şonuň üçin bir ýere çagyrylanyňda, aýaguçda otur. Seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý, dost! Töre geç“ diýsin. Şonda saçak başyndaky oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar.


Meniň size buýrugym şudur: biri-biriňizi söýüň.


Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin.


Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik.


Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüp ýaşaň!


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.


Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ