Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шоңа гөрә-де, эй, доганлар, Худайың мерхеметиниң хатырасы үчин сизе ялбарярын: өзүңизи Онуң халаҗак дири ве мукаддес гурбанлыгы хөкмүнде хөдүрләң. Шейтсеңиз, Худайың хузурында мынасып тәрде хызмат этдигиңиз болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 12:1
49 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.


Şonuň üçin hem Men saňa aýdýaryn: bu aýalyň köp günäleri bagyşlanandyr. Çünki onuň söýgüsi köpdür. Günäleri az bagyşlananlaryň bolsa söýgüsi azdyr».


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň söýgüsiniň hatyrasyna ýalbarýaryn: meniň üçin Hudaýa doga-dileg etmek bilen, meniň göreşime goşulyň.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr.


Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.


Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň;


Bu haýyrlydyr, Halasgärimiz Hudaýyň halaýanydyr.


Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.


tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn.


ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus,


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ