Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Инди нәме? Ысрайыл халкы догрулыга ымтылса-да, оңа етип билмеди. Оңа диңе сайланып-сечиленлер етди, галанлары болса өз доң йүреклериниң ыгтыярына табшырылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy.


«Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Şonuň ýaly häzirki wagtda hem Hudaýa sadyk galanlar bar. Olar Hudaýyň merhemetine görä saýlananlardyr.


Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.


Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr.


Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy?


Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Öz huzurynda mukaddes we müýnsüz bolmagymyz üçin, biri-birimizi söýüp, Isa Mesihe degişli bolmagymyz üçin, Hudaý bizi dünýä ýaradylmazdan öň saýlap-seçdi.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin,


Bilşiňiz ýaly, biraz wagtdan soňra Ysaw atasynyň patasyny almak isledi, emma ret edildi. Munuň üçin gözýaş döküp ýalbarsa-da, edilen karary üýtgedip bilmedi.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ