Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:36 - Mukaddes Kitap

36 Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Хич ким! Чүнки бүтин барлык Худайдан болуп, Ол аркалы ве Онуң үчиндир! Оңа бакы шан-шөхрат болсун! Омын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:36
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.


Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Reb ähli zady bir maksadyna döretdi, hatda erbedi hem ýaman gün üçin.


Olar Rebbi şöhratlandyryp, adalarda Oňa öwgüler aýtsynlar.


Şonda men bu düýşi ýordurmak üçin Babylyň ähli akyldarlaryny huzuryma getirmeklerini buýurdym.


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Biz Onuň bilen ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Käbir şahyrlaryňyzyň aýdyşy ýaly: „Biz Onuň zürýadydyrys“.


Dana we ýeke-täk Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!


Çünki aýal erkekden ýaradylan bolsa-da, erkek aýaldan dogulýandyr. Hemmesini hem Hudaý ýaradandyr.


biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.


Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Atamyz Hudaýa ebedi we baky şöhrat bolsun! Omyn.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Güýç-gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.


Soňra men gökde uly mähelläniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hudaý biziň Halasgärimizdir, şöhrat we gudrat Onuňkydyr.


Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Tagtda oturan Hudaýymyz we Guzy biziň Halasgärimizdir» diýýärdiler.


Olar şeýle diýýärdiler: «Omyn! Hudaýymyza öwgi, şan-şöhrat bolsun! Oňa paýhas, şükürler, hormat, gudrat we kuwwat ebedilik ýar bolsun! Omyn!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ