Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:29 - Mukaddes Kitap

29 Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Чүнки Худай берен пешгешлерини ызына алмаяр, Өз чакылыгыны ятырмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:29
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin. Şonuň üçin hem siz Ýakubyň nesli bolmakdan mahrum edilmediňiz.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Siz hem birwagtlar Hudaýa tabyn däldiňiz. Emma ysraýyllaryň bitabynlygy arkaly Hudaýyň size merhemet edişi ýaly,


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.


Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.


Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.


Şoňa görä-de, biz elmydama siziň üçin doga-dilegler edýäris: goý, Hudaý sizi Öz çagyryşyna mynasyp saýsyn; goý, ähli ýagşy niýetleriňizi we imanyňyzyň gönükdiren her bir işini Hudaý Öz gudraty bilen amala aşyrsyn.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Hudaýyň Oňa: «Reb ant içdi, Ol ondan dänmez. Sen müdimilik ruhanysyň» diýen anty arkaly ruhany boldy.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ