Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:28 - Mukaddes Kitap

28 Ysraýyl halky Hoş Habary kabul etmän, Hudaýa duşman boldy. Bu bolsa başga milletler, ýagny siziň üçin bähbitli boldy. Ýöne ysraýyl halky şonda-da Hudaýyň saýlap-seçen halkydyr. Hudaý olary ata-babalarynyň haky üçin söýýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Ысрайыл халкы Хош Хабары кабул этмән, Худая душман болды. Бу болса башга миллетлер, ягны сизиң үчин бәхбитли болды. Йөне ысрайыл халкы шонда-да Худайың сайлап-сечен халкыдыр. Худай олары ата-бабаларының хакы үчин сөййәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:28
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».


Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar.


Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.


Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Onda şeýle sorag ýüze çykýar: eýsem ýahudylar gaýdyp galmaz ýaly ýykylaýdylarmyka? Elbetde, ýok! Hawa, olar Isa Mesihi ret etdiler, ýöne olaryň bu günäsi beýleki milletleriň halas edilmegine sebäp boldy. Beýleki milletleriň halas edilmegi bolsa ýahudylaryň gabanjaňlygyny oýarmalydy.


Siz hem birwagtlar Hudaýa tabyn däldiňiz. Emma ysraýyllaryň bitabynlygy arkaly Hudaýyň size merhemet edişi ýaly,


Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.


Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.


Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ