Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:25 - Mukaddes Kitap

25 Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Эй, доганлар, сиз текепбирлиге йүз урмаз ялы, шу сырдан хабарлы болмагыңызы ислейәрин. Худай башга миллетлерден сайланларының барыны халас эдйәнчә, кәбир ысрайылларың йүреги юмшамаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:25
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!


Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.


Ýalta öz gözüne sagdyn pikirli jogap berýän ýedi kişiden-de akyllydyr.


Özlerini paýhasly, düşünjeli saýýanlaryň dat gününe!


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Hawa, ýahudylaryň bu günäsi bütin dünýäniň ýalkanmagyna sebäp boldy. Olaryň bu günäsi başga milletler üçin bähbitli boldy. Eger olaryň günäsi şeýle ýalkanyşy getiren bolsa, onda tutuş Ysraýyl Hudaýa dolananda, bu ýalkanyş gör bak nähili bolar!


Eger siz ýabany zeýtun agajyndan kesilip, öz tebigy häsiýetleriňize garamazdan, idedilip ýetişdirilen zeýtuna sapylan bolsaňyz, onda asly bu bagdan bolan şahalar öz zeýtunyna has aňsat sapylar!


Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.


Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler.


Indi bolsa, eý, doganlar, men siziň Ruhuň peşgeşleri babatda habarly bolmagyňyzy isleýärin.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Adamlar bize, goý, Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlaryny aýan edýän hyzmatçylar hökmünde garasynlar.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak güni Hudaý Öz pygamber gullaryna yglan edişi ýaly, Onuň syry amala aşar».


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ