Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:22 - Mukaddes Kitap

22 Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Худайың мәхрибанлыгы ве берклиги барада ойланың. Ол йыкыланлар үчин беркдир, сизиң үчин болса мәхремдир. Эгер сиз Онуң мәхрибанлыгына бил багласаңыз, Ол хем сизе мәхрем болар. Эгер бил багламасаңыз, сиз хем кесилип ташланарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:22
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.


Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Onsoň Isa Özüne iman eden ýahudylara: «Meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan hem, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz;


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Sebäbi Hudaý bagyň öz şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, onda sizi, ýagny sapylan ýabany şahalary asla-da gaýgyrmaz.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Siziň Rebde berk durmagyňyz indi janymyza jan goşýar.


Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ