Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:21 - Mukaddes Kitap

21 Sebäbi Hudaý bagyň öz şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, onda sizi, ýagny sapylan ýabany şahalary asla-da gaýgyrmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Себәби Худай багың өз шахаларыны гайгырмадык болса, онда сизи, ягны сапылан ябаны шахалары асла-да гайгырмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:21
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Jeza käsesinden içmäge laýyk bolmadyklar içenlerinden soň, heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň? Ýok, jezasyz galmarsyň, jeza käsesinden hökman içersiň.


Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz.


Onda-da siziň: «Şahalar biziň sapylmagymyz üçin döwüldi» diýmegiňiz mümkin.


Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň.


Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ