Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 11:2 - Mukaddes Kitap

2 Hudaý Özüniň ezelden saýlap-seçen halkyny ret edenok. Ýa-da Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamber barada ýazylanlar ýadyňyzda dälmi? Ol Hudaýa ysraýyl halky barada arz edip, şeýle diýýär:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Худай Өзүниң эзелден сайлап-сечен халкыны рет эденок. Я-да Мукаддес Язгыларда Ыляс пыгамбер барада языланлар ядыңызда дәлми? Ол Худая ысрайыл халкы барада арз эдип, шейле диййәр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 11:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.


Reb şeýle diýýär: «Eger ýokarda gökleri ölçäp bolýan bolsa, aşakda ýeriň binýatlaryny barlap bolýan bolsa, onda eden ähli işleri üçin Men hem bütin Ysraýyl neslini ret ederin». Muny Reb aýdýandyr.


Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.


Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi.


Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi.


Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak?


Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.


Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin.


Olar Haruna: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaýlar ýasap ber, sebäbi bizi Müsürden çykaryp getiren Musa näme bolanyny bilemzok“ diýdiler.


Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?


Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr.


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi?


Emma ynsan Hudaýy söýýän bolsa, ol eýýäm Hudaý tarapyndan tanalýandyr.


Emma ýaşasam, hasylly zähmet çekerin. Şonuň üçin-de haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ