Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat“ diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».
Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».
Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.