Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 10:19 - Mukaddes Kitap

19 Indi şuny hem soraýyn: ýa ysraýyl halky düşünmedimikä? Elbetde düşündi, sebäbi Hudaý Musa arkaly olara: «Men hem millet bolmadyklar bilen seni gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin» diýipdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Инди шуны хем сорайын: я ысрайыл халкы дүшүнмедимикә? Элбетде дүшүнди, себәби Худай Муса аркалы олара: «Мен хем миллет болмадыклар билен сени габандырарын, акмак бир халк билен оларың гахарыны гетирерин» дийипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 10:19
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».


Onda şeýle sorag ýüze çykýar: eýsem ýahudylar gaýdyp galmaz ýaly ýykylaýdylarmyka? Elbetde, ýok! Hawa, olar Isa Mesihi ret etdiler, ýöne olaryň bu günäsi beýleki milletleriň halas edilmegine sebäp boldy. Beýleki milletleriň halas edilmegi bolsa ýahudylaryň gabanjaňlygyny oýarmalydy.


Şunuň bilen birlikde siz arkaly öz ildeşlerimiň gabanjaňlygyny oýaryp, olardan käbiriniň halas bolmagyna ýardam ederin diýen umydym bar.


Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz.


Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy?


Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok!


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir.


Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ