Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 10:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Йөне мен шуны сорамакчы: эйсем ысрайыл халкы Хош Хабары эшитмедими? Элбетде, эшитди, себәби Мукаддес Язгыларда шейле язылгыдыр: «Тутуш ер йүзүне яйрандыр олаң овазы, дүнйәниң дөрт күнҗегине – олаң сөзлери».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 10:18
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň Rebden ant içýärin, jenap patyşanyň seni idäp, adam ibermedik ýurdy galmady. Her ýurduň baştutany: „Ylýas bu ýurtda däl“ diýip habar berende, Ahap oňa ant içirdi.


Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela


Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler.


Size dogrusyny aýdýaryn, bu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar».


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip:


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ