Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 10:17 - Mukaddes Kitap

17 Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шунлукда, иман эшитмекден, хава, Иса Месих хакдакы Хош Хабары эшитмекден дөрейәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 10:17
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi Seni öz gözlerim bilen gördüm.


Isa ýene-de olara: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Hatda size has-da köp berler.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir.


Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.


Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi.


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?!


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Men sizden diňe bir zady soramakçy: siz Mukaddes Ruhy Kanuny berjaý edip aldyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz Mukaddes Ruhy eşiden Hoş Habaryňyza iman edeniňiz üçin aldyňyz.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.


Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ