Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýöne bu habary hemmeler kabul etmedi. Işaýa hem bu barada: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?» diýip soraýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Йөне бу хабары хеммелер кабул этмеди. Ишая хем бу барада: «Я Реб, бизиң хабарымыза ким ынанды?» дийип сораяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 10:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.


Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, sebäbi size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl.


Käbirleri onuň sözlerine ynandy, käbiri ynanmady.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz.


Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi.


Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.


Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi?


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy?


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ