Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 10:15 - Mukaddes Kitap

15 Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эгер вагызчылар иберилмесе, нәдип вагыз эдилсин? Вагызчылар барада Мукаддес Язгыларда шейле язылгыдыр: «Хош Хабары ыглан эдйәниң гелши не гөзелдир!».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 10:15
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi.


Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.


Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin:


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.


Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş Habary wagyz etmegi küýseýärin.


Meniň göwün arzuwym başga biriniň tutan binýadynyň üstünde gurman, Mesihiň ady heniz eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmekdir.


Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Aýagyňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmek taýynlygyny geýiň.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ