Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, доганлар, ысрайыл халкының халас болмагы мениң көңүл күйсегимдир. Мен бу хакда элмыдама Худая дога-дилег эдйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 10:1
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.


Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň».


Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.


Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!


Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ