Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен Худайың Оглы барадакы Хош Хабары яйрадып, Худая җан-тенден хызмат эдйәрин, сизиң үчин гиҗе-гүндиз дилег эдйәрин. Муңа Худайың хут Өзи шаятдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:9
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, şu pursat şaýadym gökde, hemaýatkärim ýokarda.


Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.


Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir.


Size ýazýanlarymyň bary hakykatdygy babatda men Hudaýyň öňünde güwä geçýärin.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin.


Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Biz sizi doga-dileglerimizde ýatlap, elmydama ähliňiz üçin Hudaýa şükürler edýäris,


Biz didaryňyzy görmek we imanyňyzyň artmagy üçin, gije-gündiz erjellik bilen doga-dileg edýäris.


Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.


Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


Men seniň Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyň we tutuş Hudaýyň halkyna bolan söýgiň hakda eşidýärin. Şoňa görä-de, seni hemişe doga-dileglerimde ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ