Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys.
Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.
Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,
Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.
Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.
Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.
Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.
Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».