Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худай Реббимиз Иса Месихи өлүмден дирелдип, Оны Мукаддес Рухдан долдурды. Шейдип, Онуң Худайың гудратлы Оглудыгы тассыкланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys.


Siz Ýaşaýyş Gözbaşyny öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi. Biz muňa şaýatdyrys.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ