Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:30 - Mukaddes Kitap

30 töhmetçi, tekepbir, öwünjeň bolup, Hudaýy ýigrenýärler, ýamanlyk etmegiň her tüýsli ýollaryny tapýarlar, ata-enelerine gulak asmaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 төхметчи, текепбир, өвүнҗең болуп, Худайы йигренйәрлер, яманлык этмегиң хер түйсли ёлларыны тапярлар, ата-энелерине гулак асмаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:30
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýylyň patyşasy Benhadada şeýle jogap berdi: «Söweşe ugraýan söweşden üstün çykyp, yzyna dolanyp gelýän esger kimin öwünmeli däldir».


Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.


Sen: „Ine, men edomlylardan üstün çykdym“ diýip öwnüp, muňa buýsanýarsyň. Sen öýüňde otur. Näme üçin sen özüňiň we patyşalygyň başyna bela getirmegine bahana agtarýarsyň?»


Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»


Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,


Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela


Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.


Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.


Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».


Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».


Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy.


Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.


Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Ýaňy-ýakynda özüni beýik adam saýýan Teýuda gozgalaň turuzdy, dört ýüz adam onuň yzyna eýerdi. Emma ol öldürilenden soň, onuň yzyna eýerenleriň hemmesi dargap gitdi.


Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.


Sen özüňe berlen Kanuna buýsansaň-da, ony bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň.


Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.


Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şobada ýok edýär.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Edil şunuň ýaly, dil hem bedeniň bir kiçijik agzasy bolsa-da, beýik işler bilen öwünýändir. Pikir ediň, kiçijik bir uçgun äpet tokaýy ýakyp köýdürýändir.


Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ