Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:28 - Mukaddes Kitap

28 Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Бу адамлар Худайы танамалыдыр өйтмедилер. Шоңа гөрә-де, Худай олары азгын хөвеслерине табшырып, эдилмесиз затлары этмеклерине ёл берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:28
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.


«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.


Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.


Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun? Onda öwrenmek niýeti ýok.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Olara „ýalan kümüş“ diýler, çünki Reb olary ret etdi».


Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi.


Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler.


Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Şonuň üçin Hudaý olary ýürekleriniň günäli höwesleriniň eden-etdiligine tabşyrdy. Şu sebäpden olar biri-biriniň bedenlerini haýasyz işleri bilen wejera etdiler.


Hawa, olar hakykaty ret edensoňlar, Hudaý olary özleriniň wejera höweslerine tabşyrdy. Hatda aýallar hem tebigy jyns gatnaşygyny ret etdiler. Olar tebigy bolmadyk jyns gatnaşyklara ýüz urup, biri-birleri bilen ýatyp turýarlar.


Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Men Isa Mesihiň maňa berýän ygtyýary bilen saňa etmeli işleriňi buýrup-da bilerdim,


Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ