Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:23 - Mukaddes Kitap

23 baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 бакы Худая сежде этмән, паны адамың, гушларың ве сүйрениҗилериң кешбиндәки бутлара сежде этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:23
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi.


Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


Agaç ussasy ýüp bilen ölçeýär, galam bilen bellik edýär, törpi bilen şekil berýär, isgene bilen belleýär. Buthanada goýmak üçin buty adam şekilli ýasaýar, ynsan gözelligine görä ýasaýar.


Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.


Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi.


Onuň içinde ýer ýüzünde ýaşaýan her dürli dört aýakly haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


Olar Hudaý baradaky hakykaty galp zatlara çalyşdylar. Ýaradana däl-de, ýaradylan zatlara sežde we hyzmat etdiler. Emma baky şöhrata diňe Ýaradan mynasypdyr. Omyn!


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ