Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Олар Худай хакда билселер-де, Оны Худай хөкмүнде шөхратландырмадылар, Оңа шүкүр этмедилер. Терсине, бош пикирлере улашып, йүреклерини түмлүк гаплады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:21
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Siriýa patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys.


Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».


Ine, ýer ýüzüni garaňkylyk, halklary tüm garaňkylyk bürär; seniň üstüňde bolsa Reb peýda bolar, üstüňde bolar Onuň şöhraty.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler».


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Bu adamlara Hudaý hakda bilip bolýan zatlar mälimdir, sebäbi Hudaýyň Özi bulary olara mese-mälim etdi.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, billeri ömürlik bükülip galsyn».


Hawa, Isa Mesih muny ýahudy dälleriň hem Hudaýy Onuň merhemeti üçin şöhratlandyrsynlar diýip etdi. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, men Seniň adyňa nagma aýdaryn».


Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ