Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.
Biz häzir size Hoş Habary yglan edýäris: Hudaý Isany ölümden direldip, Öz perzentleri bolan biziň üçin ata-babalarymyza beren wadasyny berjaý etdi. Bu hakda ikinji mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men saňa Ata boldum“.