Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Яманлыклары билен хакыкаты бөкдейән адамларың худайсызлыгына ве яманлыгына гаршы Худай Өз гахар-газабыны гөкден аян эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:18
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.


Bu adamlara Hudaý hakda bilip bolýan zatlar mälimdir, sebäbi Hudaýyň Özi bulary olara mese-mälim etdi.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Sen şeýle işleri edýänleri ýazgarmak bilen, özüň-de şeýle etmeýärsiňmi näme? Heý-de şundan soň Hudaýyň höküminden syparyn öýdýärmiň?


Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.


Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.


Biziň özümizi aklamaga güýjümiz ýokka, Isa Mesih Hudaýyň öňden bellän wagtynda biz hudaýsyzlar üçin öldi.


Şoňa görä-de, Mesihiň gany bilen aklanan bolsak, Ol arkaly Hudaýyň gazabyndan gutuljagymyz hem gürrüňsizdir.


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.


Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler.


Bu bikanun adam Hudaýyň bellän wagtynda peýda bolar. Bikanunlyk eýýäm assyrynlyk bilen hereket etse-de, bikanun adamyň peýda bolmagy bökdelýär. Munuň sebäbini özüňiz bilýänsiňiz. Hawa, bikanun adamy bökdeýän biri bardyr. Ol aradan aýrylansoň,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ