Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Men medeniýetli ýa-da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş Habary wagyz etmäge borçludyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мен медениетли я-да медениетсиз, соватлы я-да соватсыз адамлара, гараз, хеммелере Хош Хабары вагыз этмәге борчлудырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:14
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Nadanlar, akylly boluň! Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.


Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Olar özlerini akylly saýyp, akmak boldular,


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.


Biri-biriňize söýgüden başga bergiňiz bolmasyn, sebäbi ýakynyny söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir.


Siziň tabynlygyňyz hemmelere mälimdir. Men siziň şeýledigiňize biçak begenýärin, ýöne siziň ýagşyny ýamandan aýdyň saýgarar ýaly paýhasly bolmagyňyzy, ýamanlyga ýanaşmazlygyňyzy isleýärin.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, biz indi ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşamaga borçly däldiris.


Emma men kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmesem, men onuň üçin keseki ýurtludyryn. Ol hem meniň üçin keseki ýurtludyr.


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk!


Çünki siz akmaklara çydap, olara şeýle geçirimlimişiňiz-ä!


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ