Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Men imanymyz arkaly biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен иманымыз аркалы бири-биримизи рухландырмагымызы ислейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar.


Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn.


Hakyky, bularyň bary bize teselli berdi. Siz Titusy begendirip, onuň köňlüne teselli beripsiňiz. Biz onuň begenjini görenimizde, muňa öz begenjimizden-de köp begendik.


Rebbiňiz-de, imanyňyz-da birdir, siziň hemmäňiz bir maksat bilen çümdürilensiňiz.


Men hoşlaşyk pursadyndaky gözýaşlaryňy ýatlaýaryn, şatlykdan dolmak üçin seniň bilen didarlaşmagy küýseýärin.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ