Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Сизи өрән гөресим гелйәр, иманыңызы беркитҗек рухы пешгешлери сизиң билен пайлашасым гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 1:11
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň hudaýlarymy ogurlap gaýtmaň näme?»


Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady.


Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi.


Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Şeýlelikde, doganlaryň imany has-da berkäp, olaryň sany günsaýyn artýardy.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Men imanymyz arkaly biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýärin.


Indi bolsa bu sebitlerdäki işimi tamamladym. Men köp ýyllardan bäri size barmagy arzuw edendigim üçin,


Siziň ýanyňyza baranymda bolsa, bilelikde geçirjek wagtymyzy Isa Mesihiň boldan-bol ýalkajakdygyna ynanýaryn.


Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Bu babatda ynamym bolansoň, ýanyňyza iki gezek baryp, şatlygyňyzy artdyrmakçydym.


Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da,


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler.


Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Rebbimiz Isa Öz ähli perişdeleri bilen bile gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde aýypsyz we mukaddes bolup bileriňiz ýaly, goý, Ol ýürekleriňizi kuwwatlandyrsyn.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ