Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy.
Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.
Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.