Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 9:39 - Mukaddes Kitap

39 Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Петрус туруп, олар билен гитди. Ол өе геленде, оны ёкары гатдакы отага чыкардылар. Әхли дул аяллар Петрусың янына йыгнанып, Тавита дирикә өзлерине тикен әхли донларыдыр көйнеклерини гөркезип аглашдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 9:39
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Ysraýyl gyzlary, aglaň, Şawul üçin aglaň! Al-elwan geýdiren üçin, geýimiňizi zer bilen nagyşlan üçin aglaň!


Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, erbetleriň ady çüýreýändir.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.


Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi.


Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Eý, doganlar, siziň-de umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmezligiňiz üçin, merhumlar babatda bilmegiňizi isleýäris.


Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.


Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ