Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Шавулың эрк-ыгтыяры болса гүн-гүнден гүйчленйәрди. Ол Исаның Месихдигини субут этмек билен, Дамаскда яшаян яхудыларың башыны чашырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 9:22
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi.


Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, eli tämizleriň güýji artar.


Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?


Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler.


Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler.


Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi.


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Şondan üç ýyl soň Petrus bilen tanyşmak üçin Iýerusalime gidip, onuňkyda birki hepde boldum.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ