Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шейлеликде, Хананы барып, шол өе гирди, эллерини Шавулың үстүнде гоюп: «Шавул доган! Гөзлериң ене ачылып, Мукаддес Рухдан долмагың үчин, мени бу ере гелйәркәң, саңа гөрнен Реббимиз Иса иберди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 9:17
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup olara: «Golaýragyma gelseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn.


Soňra başlaryna elini goýup, doga-dileg etsin diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler çagalary getirenlere käýediler.


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi.


Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy.


Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:


Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.


Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.


Antiýohdaky şägirtler bolsa şatlykdan we Mukaddes Ruhdan doldular.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.


Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Şoňa görä-de, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Isa Mesih sizi nähili kabul eden bolsa, siz-de biri-biriňizi şonuň ýaly kabul ediň.


Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa Göklerdendi.


Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi.


Eýsem men azat dälmi näme? Ýa men resul dälmi? Men Rebbimiz Isa Mesihi öz gözüm bilen görmedimmi näme? Eýsem siz meniň Reb üçin çeken zähmetimiň netijesi dälmi?


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir.


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ