Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 9:13 - Mukaddes Kitap

13 Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Хананы шейле җогап берди: «Я Реббим Иса! Мен көп кишилерден бу адамың Иерусалимде Сениң сайлап-сеченлериңе эден энчеме яманлыклары барада эшитдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 9:13
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


„Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,


Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler.


Ähli ýerlere aýlanyp ýören Petrus Lidadaky imanlylary hem görmäge geldi.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň.


Filologa, Ýuliýa, Olimpa, Nereýe, onuň aýal doganyna we olaryň ýanyndaky Hudaý halkynyň baryna salam aýdyň.


Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,


Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.


Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy?


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Hudaýyň halkynyň ählisi, ylaýta-da imperatora hyzmat edýänler size salam aýdýarlar.


Ähli ýolbaşçylaryňyza we Hudaýyň tutuş halkyna salam aýdyň. Italiýaly doganlar size salam ýollaýarlar.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ