Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 8:39 - Mukaddes Kitap

39 Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Олар сувдан чыканларында, бирденкә Реббиң Рухы Филипи ол ерден әкитди. Агта оны гайдып гөрмеди. Ол шатланып, өз ёлуны довам этдирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 8:39
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň Ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm.


Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.


Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni Öz ruhy bilen getirip, düzlügiň ortasynda goýdy; düzlük süňklerden doludy.


Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Antiýohdaky şägirtler bolsa şatlykdan we Mukaddes Ruhdan doldular.


Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.


Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.


Onsoň arabany saklatdy. Filip bilen agta bilelikde suwa girdiler. Filip ony suwa çümdürdi.


Şeýlelikde, ol şäherde uly şatlyk döredi.


Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ