Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 8:35 - Mukaddes Kitap

35 Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Онсоң Филип дүшүндирмәге башлады, Мукаддес Язгыларың шу ердәки парчасындан башлап, Иса хакдакы Хош Хабары оңа вагыз этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 8:35
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Şäherden-şähere aýlanyp, arwah-jynlary kowup çykarýan käbir ýahudylar topary hem bardy. Olar arwah-jyn eýelänlere Reb Isanyň ady bilen şypa bermäge synanyşyp: «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Şonda Reb size aram tapyş pursadyny berer. Ol siziň üçin bellenen Mesihi, ýagny Isany ýollar.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Efiopiýaly Filipden: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýip sorady.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim.


Eý, korintoslylar! Biz siziň bilen aç-açan gürleşdik, size ýüregimizi açdyk.


Siz Isanyň sözlerini eşidensiňiz we Onuň hakykatyna esaslanyp, tälim alansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ