Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 8:27 - Mukaddes Kitap

27 Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Ол хем туруп, ёла дүшди. Гидип барярка, эфиопиялы бир агта душды. Ол Эфиопияның меликеси Кандакының баш везирлериниң бириди ве онуң тутуш газнасыны доландырярды. Ол Иерусалиме ыбадат этмәге гелип,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 8:27
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi.


Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.


Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.


Çünki muşakgatlardan doludyr janym, ölüler dünýäsine golaýlandyr meň ömrüm.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.


Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.


Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.


Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.


Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy.


«Git-de, efiopiýaly Ebetmelege Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu şähere garşy aýdan sözlerimi ýagşylyk bilen däl-de, ýamanlyk üsti bilen amala aşyraryn. Bular şol gün seniň gözleriňiň alnynda amala aşar.


Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.


Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.


Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy.


indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy.


Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ