Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 8:20 - Mukaddes Kitap

20 Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эмма Петрус оңа шейле дийди: «Пулуң өзүң билен биле ёк болсун! Себәби сен Худайың пешгешини сатын аларын өйтдүң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 8:20
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir, ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Şonda Danyýel patyşa şeýle jogap berdi: «Peşgeşleriň, goý, özüňe galsyn, sylag-serpaýlaryňy-da başga birine ber! Ýöne men ýazgyny okap, manysyny saňa düşündirip bereýin.


Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


(Ýudas haýynlyk edip gazanan puluna bir ekin meýdanyny satyn alypdy. Soňra şol ýerde başaşak ýykyldy we garny ýarylyp, ähli içgoşy çogup çykdy.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?»


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


«Maňa-da şu gudratdan beriň. Elimi kimiň başyna goýsam, ol adam Mukaddes Ruhy alsyn» diýdi.


Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.


Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.


Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».


Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr,


Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz.


Babylda öz harytlaryny satyp baýan täjirler şäheriň jebirlerinden hopugarlar. Uzakda duran ýerlerinden ýas tutup, aglarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ