Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 8:17 - Mukaddes Kitap

17 Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Соңра Петрус билен Ёханна эллерини оларың үстүне гойдулар ве олар хем Мукаддес Рухы кабул этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 8:17
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.


Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar.


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Resullaryň elleriniň goýulmagy bilen Mukaddes Ruhuň berlenini gören Simun olara pul hödür edip:


Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ