Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:58 - Mukaddes Kitap

58 Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

58 Оны шәхерден дашары чыкарып дашладылар. Стефана гаршы шаятлар донларыны чыкарып, Шавул атлы бир йигидиң аягының астында гойдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:58
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi.


Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular.


Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim.


Olar bagyryşyp, egin-eşiklerini silkip, çaň-tozanyny howa kakdylar.


„Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym.


Men bu ýamanlygy Iýerusalimde etdim hem. Ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndana dykdym. Olar ölüme höküm edilende, muny iki elläp goldadym.


Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler.


Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär.


Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar.


Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.


Ölüme höküm edileni ilki şaýatlar öz elleri bilen daşlasynlar, soňra ähli halk daşlap öldürsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ